Mosulda 18 terrorçy öldürildi

Keberok obasy yzyna alyndy

487323
Mosulda 18 terrorçy öldürildi

Yragyň ýaragly güýçleriniň Mosul şäheriniň terror guramasy DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin guraýan operasiýalarynda 18 terrorçy öldürildi.

Mosulyň Mahmur etrabynyň Keberok obasynyň yzyna alynmagy üçin guralan operasiýanyň çäginde güýçli çaknyşyklar başdan geçirilýär.

Yragyň ýaragly güýçleriniň serkerdelerinden Abdulrahman Al Juburi halkara hyzmatdaş güýçlerine degişli harby uçarlaryň goldaw bermeginde Keberok obasynyň yzyna alynandygyny, terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 esgeriň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Hyzmatdaş güýçleriniň DAEŞ-e degişli ýerleri bombalandygyny aýdan Juburi; “Obalar dolulygyna gözegçilik astyna alyndy” diýdi.

 



Degişli Habarlar