Demirgazyk Koreýada 36 ýyl soň kongres geçirildi

Kongrese gelen žurnalistlere kongresiň geçirilýän binasynyň daşyndan wideo ýazgy almagyna rugsat berildi

485505
Demirgazyk Koreýada 36 ýyl soň kongres geçirildi

 

Häkimiýetiň başyndaky İşçi partiýasynyň kongresi Kim Ýong Unyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Kongresiň ýurduň lideri Kim Ýong Unyň täsiriniň güýçlenmegine itergi berjekdigi nygtalýar.

Kongrese gelen žurnalistlere kongresiň geçirilýän binasynyň daşyndan wideo ýazgy almagyna rugsat berildi.

Gün saýyn dünýäden çetleşýän Demirgazyk Koreýada žurnalistleriň ýanynda ýörite gullukçylardan biri bolmazdan gezmegi gadagan.

Ýurtda soňky  kongres 36 ýyl öň geçirlipdi we häzirki lider Kim Ýong Un heniz dünýä inmändi.

 



Degişli Habarlar