Russiýa bilen ABŞ Halapda hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşdy

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy ýurtda çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň demirgazykdaky Halap şäherini hem öz içine almagy barada resmi Moskwa bilen ylalaşandyklaryny habar berdi

484427
Russiýa bilen ABŞ Halapda hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşdy

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatda: “Hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri käbir ýerlerde çaknyşyklar dowam edýän hem bolsa, umuman çaknyşyklaryň azaldygyny gördük” diýilýär.

Beýanatda maksadyň Siriýada ýerli ylalaşyklaryň ýerine ýurduň ähli ýerinde çaknyşyklaryň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylmagy bolandygy nygtalyp, ähli taraplara “täzelenen ylalaşygy” berjaý etmek barada çagyryş berildi.

“Täzelenen” ylalaşygyň dowam etmegi üçin Russiýa bilen kabul edilen seljeriş işleri boýunça utgaşyklygyň dowam edýändigi barada aýdylýan beýanatda, resmi Moskwadan Halkara Siriýa Goldaw Toparynyň egindeş ýolbaşçysy hökmünde Siriýanyň hökümetine basyş edilmegi islenýär.

Siriýanyň hökümeti tarapyndan berilen beýanatda bolsa penşenbe güni säher wagtyndan başlap 48 sagat dowam etjek asudalyk režimine geçiljekdigi habar berildi.

Halap barada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildiren ABŞ-nyň döwlet Sekretary Jon Kerri: “Taraplaryň ählisiniň, hem hökümetiň hem-de oppozisiýanyň Halapdaky ylalaşygy berjaý etmegine garaşýarys” diýdi.

Kerri Halkara Siriýa Goldaw Toparynyň geljek iki hepdäniň dowamynda jemlenşmegine garaşýandygyny aýtdy.


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #Halap , #ylalaşyk

Degişli Habarlar