Müsürde iki adanyň Saud Arabystanyna berilmegine garşy protest ýörişi guraldy

Ýörişde köp sanly adam göz tussaglygyna alyndy

478229
Müsürde iki adanyň Saud Arabystanyna berilmegine garşy protest ýörişi guraldy

Müsüriň Giza şäherinde onlarça adam Tiran we Sanafir adalarynyň Saud Arabystanyna berilmegine garşy protest ýörişini gurady.

Howpsyzlyk güýçleri ýörişde protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Ýörişde köp sanly adam göz tussaglygyna alyndy.

Müsür, Gyzyldeňizdäki Tiran we Sanafir adalaryny Saud Arabystanynyň Sasy Salman Bin Abdulazisiň Müsüre guran soňky saparynyň çäginde baglaşylan täze deňiz serhedi şertnamasyna laýyklykda Saud Arabystanyna beripdi.

Şertnama müsürli oppozisionerler bilen birlikde käbir toparlar uly garşylyk görkezýär.

Müsüriň hökümeti hem adalarynyň Saud Arabystanyna degişlidigini subut edýän 9 resminamany neşir etdi.

 



Degişli Habarlar