Efiopiýada guralan ýaragly hüjümde ençeme adam ýogaldy

Ýurduň Günorta Sudan serhedinde ýerleşýän çadyr şäherçelerde müňlerçe bosgun galýar

472393
Efiopiýada guralan ýaragly hüjümde ençeme adam ýogaldy

Efiopiýanyň Günorta Sudan serhedindäki Gambela sebitinde ýaragly toparyň guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 170 adam ýogaldy.

Efiopiýa Maglumat ofisi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda harbylaryň ara girmegi bilen hüjümçileriň 60-synyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenýär.

Beýanatda öýleriň ýakylan we haýwanlaryň talaň edilen hüjüm ynsanyýetsiz we wagşylyk diýip häsýetlendirildi.

Efiopiýanyň Gambela sebitinde Günorta Sudanly müňlerçe bosgunlaryň ýaşaýan 4 çadyr şäherçe ýerleşýär.



Degişli Habarlar