Gyzyl deňizdäki iki ada Müsürden Saud Arabystanyna geçdi

Gyzyl deňizde ýerleşýän Sanafir we Tiran adalary Müsürden Saud Arabystanynyň düzümine geçdi

468187
Gyzyl deňizdäki iki ada Müsürden Saud Arabystanyna geçdi

Täze deňiz serhedi ylalaşygy bilen taraplar adalaryň Saud Arabystanynyň serhetleriniň çäginde ýerleşendigini bellediler.

Gyzyl deňizi serhetdiniň ýaňadanadan bellenmegi bilen baglanşykly ylalaşyk anna güni Kairdäki Prezident köşgünde Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz we Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisiniň gatnaşmagyndaky dabarada gol çekişilipdi.

Saud Arabystanynyň ozalky Şasy Abdulaziz Al Saud 1950-nji ýylda Sanafir we Tiran adalarynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin Müsüriň serhetleriniň çägine girmegini Müsüriň hökümetinden talap edipdi. Iki ada 66 ýyl bäri Müsüriň häkimýeti astyndady.

Tiran adasy Akabe aýlagyny Gyzyl deňizden aýyrýan Tiran bogazynyň girelgesinde ýerleşýär. Sinaý ýarymadasynyň 6 km gündogarynda ýerleşýän adanyň meýdany 80 inedördül km. Tiran adasynyň gündogarynda ýerleşýän Sanafir adasynyň meýdany bolsa 33 ind. km.



Degişli Habarlar