Ýaponiýada 6,1 bal ululygynda ýer titredi

Ýaponiýanyň Mie welaýatynyň 10 km alysynda 6,1 bal ululygynda ýer titredi

462580
Ýaponiýada 6,1 bal ululygynda ýer titredi

Kýodo agentliginiň habaryna görä ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmady.

Tebigy heläkçilikden soň tsunami howpy barada duýduryş berilmedi, sebitdäki otly gatnawlary wagtlaýynça bes edildi.

Ýaponiýa 2011-nji ýylyň 11-nji martynda taryhynyň iň uly ýer titremesini başyndan geçirdi.

9 bal ululygynda bolan ýer titreme we ondan soň bolan tsunami 19 müň adamyň ýogalmagyna, müňlerçe adamyň ýaralanmagyna we şikesli galmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar