Owganystanda zenan polislere hem ýörite harby tälim berilýär

Resmi hasabata görä Owganystanda 3 müň 300 sany zenan howpsyzlyk güýji bar

460580
Owganystanda zenan polislere hem ýörite harby tälim berilýär

Zenan polis işgärleri tälim alanlaryndan soň, ýurduň günbataryndaky serhet toparlary tarapyndan guralýan terror operasiýalaryna gatnaşmaga başlarlar.

Eýranyň serhediniň golaýyndaky Hyrat welaýatynda ýerleşýän harby bazada ilkinji gezek dolulygyna zenanlardan ybarat bolan polis toparlar döredildi.

Ýörite tälim üçin meýletinçilerden düzülen 50 zenan polise giň-gerimli harby tälim berilýär.

Resmi hasabata görä Owganystanda 3 müň 300 sany zenan howpsyzlyk güýji bar.

Owganystnda zenanlar adatlar sebäpli sosial durmuşda özlerini görkezip bilmeýärler we olaryň jemyýetçilik çärelerine gatnaşmaklarynyň öňi alynýar.

Soňky ýyllarda gazanylan öňe gidişliklere garamazdan ýurtda häzirki wagtda hem zenan meselesi iň wajyp mesele bolmagynda galýar.


Etiketkalar: #Owganystan , #zenan , #polis , #mesele

Degişli Habarlar