DAEŞ Yrakda we Ýemende hüjümler gurady

Hüjümlerde 50 adam ýogaldy

458730
DAEŞ Yrakda we Ýemende hüjümler gurady

Terror guramasy DAEŞ Yrakda we Ýemende hüjümler gurady.

Hüjümlerde 50 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Yragyň paýtagty Bagdadyň günortasynda ýerleşýän Babil şäherinde ýerleşýän stadionda futbol bäsleşigi geçirilýärkä hüjüm guraldy.

Hüjümçiniň bedenindäki bombalary ýarmagy sebäpli 30 adam ýogaldy, 60-dan gowrak adam hem ýaralandy.

Ýemeniň Aden şäherinde guralan 3 hüjümde hem azyndan 20 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Iki ýurtda guralan hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

ABŞ, Yrakda stadionda guralan hüjümi berk ýazgardy we terrora garşy göreşde Yragyň hökümetine we halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar