Abdüsselamyň esasy maksady stadiona hüjüm guramakdy

2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Parižde 6 aýry ýere guralan terrorçylykly hüjümlerde jemi 130 adam ýogaldy, 350-den gowrak adam ýaralandy

454380
Abdüsselamyň esasy maksady stadiona hüjüm guramakdy

Belgiýada anna güni polisiýanyň işgärleriniň guran hüjüminde ele salynan Pariždaky hüjümi guran Salih Abdüsselam we ýanyndaky 4 adam bilen geçirilen sorag-jogap işlerinde wajyp maglumatlar ýüze çykdy.

Abdüsselamyň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda guralan terrorçylykly hüjüminde esasy maksadynyň Stade De Francede bombaly hüjüm guramakdygy mälim boldy.

Stadiondaky tomaşaçylaryň arasynda Prezident Fransua Olland hem bolan Fransiýa-Germaniýa dostluk bäsleşiginde terrorçylar stadiona girip bilmändigi sebäpli üstündäki bombany daşardaky naharhanalaryň birinde partlatdy.

Brýusseliň Prokuraturasy Abdüsselama garşy “Terror maksatly jenaýat etmek" sebäpli kazyýet işiniň gozgalmagyny isledi.

Abdüsselamyň aklawçysy özüniň wekilçilik edýän adamsynyň Fransiýa ugradylmagyna çürt-kesik garşy boljakdyklaryny mälim etdi.

2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Parižde 6 aýry ýere guralan terrorçylykly hüjümlerde jemi 130 adam ýogaldy, 350-den gowrak adam ýaralandy.



Degişli Habarlar