Pariži gana bulan adam Belgiýada tussag edildi

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçen ýylyň noýabr aýynda terrorçylykly hüjümi guranlaryň biri Salih Abdüsselam Belgiýada tussag edildi

453838
Pariži gana bulan adam Belgiýada tussag edildi

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland we Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişel Abdüsselamyň tussag edilendigini bilelikdäki metbugat ýygnagynda mälim etdiler.

Belgiýanyň Premýer ministri Mişel Salh Abdüsselamyň Molenbikde guralan operasiýada ýaraly ýagdaýda ele salynandygyny habar berdi.

Fransiýanyň Prezidenti Olland Abdüsselamyň gysga wagtyň içinde öz ýurduna yzyna gaýtarmak üçin işleriň başladyljakdygyny belläp, şu gün howpsyzlyk geňeşiniň geçiriljekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollanda we Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişele jaň edip gutlady.

Derňew işini alyp baran Belgiýanyň prokurory metbugat ýygnagynda beren beýanatynda operasiýada jemi 5 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

Salih Abdüsselam Parižde 130 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi guranlaryň iň esasy günäkäri hökmünde görülýärdi.



Degişli Habarlar