Belgiýa PKK terrorçylary üçin çadyr gurdy

DAEŞ-e agza terrorçylara garşy operasiýa geçiren Belgiýa PKK terrorçylaryna çadyr gurdy

453069
Belgiýa PKK terrorçylary üçin çadyr gurdy

DAEŞ-e agza terrorçylara garşy operasiýa geçiren Belgiýa PKK terrorçylaryna çadyr gurdy

Türkiýe bilen ÝB-niň maslahatynyň geçiriljek ýeri bolan paýtagt Brýusselde ýerleşýän ÝB Geňeşiniň binasynyň golaýynda ekstremist terror guramasy PKK agza terrorçylaryň çadyr gurmaklaryna rugsat berildi.

Hamala diýersiňiz Ankarada, entek 13-nji martda onlarça bigünä adamy pida edenleriň şol dönüklerdigi bilinmeýän ýaly.

Brýusseliň polisi terrorçylaryň maslahatyň öň ýanynda alyp barýan meçew beriji aksiýalaryna synçy bolmak bilen çäklenýär.

Emma şol polis birnäçe günden bäri 13-nji noýabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde guralan hüjümiň jenaýatkärleriniň yzynda. Şaýollary, köçeler, öýler ýeke-ýekeden barlanýar. Fransiýanyň içeri işler gullugy bilen maglumat alyşýar.

Gysgaça aýdylanda terrorçy öz ganlaryny dökse erbet terrorçy, türk topraklarynda jan alsa gowy terrorçy bolýar.

Prezident R.T.Erdoganyň her platformada beýan edýän “terrorçylyga garşy iki ýüzli göreş" gynansagam ýene-de bir gezek başdan geçirilýär.

Ýewropanyň ýüregi hasaplanylýan Belgiýa terror guramasy PKK-nyň we DHKP-J-niň erkin hereket edýän ýurtlaryndan biri.

Guramanyň liderleriniň ýaşaýan ýurdunda teleýaýlymlardan gan damýar.


Etiketkalar: #Belgiýa , #PKK , #goldaw , #Brýussel

Degişli Habarlar