Türkiýe sammitinden ozal Germaniýa-Fransiýa duşuşygy

Merkel we Olland duşuşyklarynda ÝB-niň ýokary derejeli maslahatda durup geçiljek meseleler barada pikir alyşmaklaryna garaşylýar

444543
Türkiýe sammitinden ozal Germaniýa-Fransiýa duşuşygy

Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkel Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bilen duşuşmak üçin Pariže sapar gurar.

Iki lider duşuşykda 7-nji martda geçiriljek ÝB-Türkiýe ýokary derejeli maslahaty ele alarlar.

Merkel we Olland duşuşyklarynda ÝB-niň ýokary derejeli maslahatda durup geçiljek meseleler barada pikir alyşmaklaryna garaşylýar.

Türkiýe we ÝB geçen ýylyň noýabr aýynda bosgun krizisine meýilnama düzmek üçin ylalaşyga gelipdiler.

Ylalaşyga görä Türkiýä bosgun akymynyň gözegçiliginiň ýola goýulmagy üçin 3 milliard ýewro goldaw beriljekdi.

Bundan başgada Türkiýäniň ÝB-e doly agzalygy we Türkiýäniň raýatlaryna wize ýeňilligi döredilmegi barada ylalaşyk gazanylypdy.

Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň paýtagt Ankarada guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli geçen aý gatnaşyp bilmedik ÝB ýokary derejeli maslahatda 7-nji martda Türkiýe bilen ýörite sammit geçirilmegi meýilleşdirilipdi.



Degişli Habarlar