Amerikada 3 musulman öldürildi

Amerikanyň Indiana ştatynda çadly we sudanly bolan 3 musulman ýaş oglan boş öýleriň birinde atylyp öldürilipdir

440794
Amerikada 3 musulman öldürildi

Indiana ştatynyň Fort Waýne şäherinde bolan wakanyň esasan hem Çad we Sudan ýaly Afrika ýurtlaryndan gelen adamlaryň ýaşaýan etrapçasynda ýaşlaryň oturluşyk geçirmek üçin ulanýan boş öýde çarşenbe güni bolandygy habar berildi.

Derňew işleriniň netijelerini beýan eden polisiýa gullugynyň resmileri 17 bilen 23 ýaş aralygynda bolan Muhammed Taha Ömer, Adem Mekki we Muhammed Taýrab atly ýaş oglanlaryň boş öýde öli ýagdaýda tapylandyklaryny, ölüm sebäpleriniň bolsa ýarag bilen od açylyp öldürilmedigini mälim etdi.

Polisiýa gullugy jenaýat bilen baglanşykly häzirki wagtda şübhelenilýänleriň ýokdugyny, wakanyň duşmançylyk jenaýatyna, bandalar ýa-da başga bir terror guramasy bilen baglanşykly däldigini bellediler.

Fort Waýne şäheriniň polisiýa gullugy ganhorlaryň öldürilen ýaş oglanlaryň meňzeş jemgyýetçilik töwereginden bolup biljekdigini, waka bilen baglanşkly Federal derňew gullugynyň hem iş alyp barýandygyny nygtadylar.



Degişli Habarlar