BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde haýsydyr bir karar kabul edilmedi

Türkiýäniň terror guramasy PÝD-niň Siriýadaky ýerlerine guraýan top atyşlaryny ara alyp maslahatlaşan BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde karar çykmady

433964
BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde haýsydyr bir karar kabul edilmedi

Geňeşiň fewral aýy boýunça başlygy Wenezuellanyň hemişelik wekili Rafael Ramires Karreno maslahatdan soň beren beýanatynda Geňeşiň agzalarynyň Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna guraýan top atyşlaryna alada bildirendigini we Türkiýäni halkara hukugynyň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrmaklyk barada ylalaşandyklaryny öňe sürdi.

Esasanda günbatar ýurtlarynyň diplomatlary maslahatda “bu meselede ylalaşygyň" bolmandygyny belläp, Wenezuellanyň wekiliniň beýanatynyň hakykaty beýan etmeýändigini aýtmaklaryndan soň Karreno ozalky beýanatyny: “Agza ýurtlar Siriýadaky şertler, ynsanperwer kömek guramalarynyň bombalanmagyny we başga-da birnäçe mesele boýunça aladalaryny beýan etdiler" görnüşinde düzetdi.

Geňeşiň bu meseläni seljerendigini, emma haýsydyr bir tekstiň kabul edilmändigini nygtan Karreno: “Biz maslahatda mesele baradaky aladalarymyzy beýan etdik, emma haýsydyr bir tekst kabul etmedik. Geňeşde mesele boýunça metbugat beýanaty, jarnama ýa-da karar tekstini kabul etmändigimizi aç-açan beýan etmek isleýärin" diýdi.

Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Halit Çewik bolsa Karrenonyň ikinji beýanatynda ozal Howpsyzlyk Geňeşinde bilelikde karar kabul edilmändihini aýdypdy.



Degişli Habarlar