Eýranyň Daşary işler ministri Zarif Brýusselde saparda boldy

“Siriýada harby operasiýalar arkaly netije alnyp bilinmejekdigine ähli taraplar göz ýetirdi"

433194
Eýranyň Daşary işler ministri Zarif Brýusselde saparda boldy

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Brýusselde saparda boldy.

“Siriýada harby operasiýalar arkaly netije alnyp bilinmejekdigine ähli taraplar göz ýetirdi" diýen Zarif halkara parahatçylyk gepleşiklerine goldaw berýändigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif düýn Brýusselde ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini bilen duşuşdy.

Mogherini Eýran bilen Günbatarly ýurtlaryň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň Siriýanyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini ýatlatdy.

Siriýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmelidigini aýdan Zarif bolsa hüjümleriň bes edilmelidigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň ABŞ-dan berk pozisiýa eýelemegine garaşýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar