Asad rus hökümetiniň goldaw bermeginde öz halkyny gyrgyna berýär

Oland Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hem wezipesinden çekilmelidigini ýatlatdy

431360
Asad rus hökümetiniň  goldaw bermeginde öz halkyny gyrgyna berýär

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland Asadyň rus hökümetiniň hem goldaw bermeginde öz halkyny gyrgyna berýändigini aýtdy.

Fransuz TF1 kanalyna beýanat beren Oland “Siriýadaky hüjümlerini bes etmegi üçin Russiýa çagyryş berýärin, çünki müňlerçe adam rus howa hüjümleri sebäpli öýlerini terk edýär” diýdi.

Fransua Oland Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hem wezipesinden çekilmelidigini ýatlatdy.

13-nji noýabrda terror guramasy DAEŞ-iň hüjümi sebäpli 100-den gowrak raýatyny ýitiren Fransiýa, Yrakda we Siriýada şol gurama garşy howa hüjümlerini guraýar.

Fransiýanyň Daşary işler ministri wezipesinden düýn çekilen Loren Fabius hem Siriýa meselesinde ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamany tankyt etdi “Waşingtonyň perwaýsyzlygy sebäpli Moskwa Siriýa girdi” diýip belledi.



Degişli Habarlar