NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg maslahatdan soň beýanat berdi

NATO bosgunlaryň geçmekleriniň we adam söwdasynyň öňüni almak üçin Egeň deňizinde iş alyp barar

431094
NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg maslahatdan soň beýanat berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: “Bosgun krizisi üçin goldaw bermäge karara geldik" diýdi.

Baş sekretar Brýusselde 2 gün dowam eden NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyndan soň metbugat işgärleriniň ýygnagyny geçirdi.

Stoltenberg: “Bosgun krizisi ählimize öz täsirini ýetirýär, şol sebäpli ählimiz çözgüde goşant goşmaly" diýip belledi.

Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won Der Leýen hem NATO-nyň Egeý deňzinäki wezipesine iň gysga wagtda başlamalydygyny nygtady.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eş Karter bolsa Egeý deňizinde bikanun geçişler we adam söwdasynyň öňüni almak üçin NATO-nyň resmilerine ygtyýar berendiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar