ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky PÝD meselesi dartgynlaşýar

Metbugat geňeşçisiniň orunbasary Toner PÝD-e berýän goldawlarynyň dowam edýändigini belledi

430711
ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky PÝD meselesi dartgynlaşýar

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbiniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-ni goldap beren beýanatlaryny bu gezek orunbasary Mark Toner hem dowam etdirdi.

Metbugat geňeşçisiniň orunbasary Toner PÝD-e berýän goldawlarynyň dowam edýändigini belledi.

Tonere Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň resmi Waşingtonyň PÝD-e pozisiýasy barada aýdan sözleri ýatladyldy.

Türkiýäniň we ABŞ-nyň hyzmatdaşdygyny bellän Mark Toner türk ýolbaşçylar bilen çuňňur we möhüm gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

Mark Toner: “PKK sebäpli bildirýän aladalaryny düşünýäris. Emma PKK bilen PÝD-niň arasynda tapawut bar. Biz bu meselede Türkiýe bilen bir meňzeş garaýyşda däl" diýdi.

Aýralykçy terror guramasyny Türkiýede guraýan hüjümlerini bes etmegine çagyran Toner: “Türk resmileriniň PKK-nyň hüjümlerine gaýtargy bermäge jogapkärçiligi bar. Biziň isleýän zadymyz dartgynlygyň bes edilmegi we ýaňadandan gepleşikleriň geçirilmäge başlanmagy" diýip belledi.

Türkiýäniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-nyň resmileri bilen PKK we PÝD-niň arasyndaky aragatnaşyk subut edýän resminamalar bilen baglanşykly berilen soraga bolsa Mark Toner: “Türkiýe bilen dowamly ýagdaýda aragatnaşyk saklaýarys. Ähli täze maglumatlary hoşallyk bilen diňläris" diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan düýn Amerikanyň hökümetine ýüzlenip: “PÝD we ÝPG bal ýaly terror guramalarydyr. PKK nähili terror guramasy bolýan bolsa olar hem şolar ýaly terror guramasydyr. Eý Amerika! Size näçe gezek soradym. Siz biziň bilenmi, ýogsa terror guramalary PÝD we ÝPG bilenmi?" diýip nygtapdy.



Degişli Habarlar