“Russiýa we Asad asuda ilatı bombalamagı bes etmeli”

ABŞ-nıň döwlet Sekretarı Jon KErri Russiýanıň we Asadıň Siriýadakı asuda ilatı bombalamagı dessine bes etmelidigini aýtdı

428125
“Russiýa we Asad asuda ilatı bombalamagı bes etmeli”

Jon Kerri Kolumbiýanıň Prezidenti Ýuan Manuel Santos bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýınagında Siriýa bilen baglı soňkı wakalar barada beýanat berdi.

Kerri Russiýanıň Siriýada guraýan howa hüjümlerinde çagalar we aýallar bilen birlikde asuda ilatdan köp sanlı adamıň pida bolandıgını aýtdı.

Hassahanalarıň we asuda ilatıň bolýan ýerleriniň hatardan çıkarılandıgını nıgtan Kerri: “Käbir halatlarda bir ýer bombalanandan soň işçiler ýaralıları halas etmek üçin wakanıň bolan ýerine gelende, uçarlar ıza dolanıp ýaralıları halas edýänleri öldürýärler. Bu bes edilmeli" diýdi.

ABŞ-nıň döwlet Sekretarı Kerri Russiýanıň Siriýa gıssaglı ınsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we asuda ilata guralýan bombardımanlarını bes etmegi barasında BMG-niň Howpsızlık Geňeşinde ses beren kararını berjaý etmeýändigini nıgtadı.

“Hüjümleriň bes edilmegi üçin gepleşik geçirilmeli" diýen Kerri, Ženewadakı gepleşikler tapgırınıň geljekki etaplarında kimiň nädereje içgindiginiň ýüze çıkjakdıgını aýtdı.



Degişli Habarlar