Owganystanyň Kunduz welaýaty dartgynly bolmagynda galýar

Ýüze çykan çaknyşykda 17 başbozar bilen howpsyzlyk gullugynyň 5 işgäri ýogaldy

427293
Owganystanyň Kunduz welaýaty dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynda Talibanly başbozarlar bilen Howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň arasynda bolan çaknyşykda jemi 22 adam ýogaldy.

Kunduz welaýatynyň Içer işler müdürliginiň başlygy Muhammed Masum Safeý Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň Kunduz welaýatynyň Ali Abad etrabyna barýan esasy ýolda geçiren operasiýasynda başbozarlar bilen çaknyşygyň bolandygyny mälim etdi.

Ençeme sagat dowam eden çaknyşykda Talibanly 17 başbozar bilen howpsyzlyk güýjinden 5 adamyň ýogalandygyny bellän Safeý ölen başbozarlaryň arasynda guramanyň 2 serkerdesiniň bardygyny habar berdi.



Degişli Habarlar