Britaniýa ÝB-de galyp-galmazlygy seljerýär

İýunda aýynda referendum geçirmegi meýilleşdirýän ýurt ÝB-de galyp-galmajakdygyna karar berer

427107
Britaniýa ÝB-de galyp-galmazlygy seljerýär

Referendumdan ozal ýurtda berk çekeleşik dowam edýär.

Britaniýanyň bileleşikden aýrylmagyny isleýänleriň bardygyna garamazdan Britaniýanyň Premýer ministri Dawid Kameron şol pikirde däl.

Kameron Awam Palatasynda eden çykyşynda ÝB-de galmagyň Britaniýanyň bähbidine boljakdygyny aýtdy.

ÝB-niň Britaniýany bileleşigiň çäginde saklamak üçin taýarlan teklibine arka duran Kameron “Eger ÝB bilen amatly ylalaşyk gazanyp bilsek, özgertmeleri durmuşa geçiren ÝB-de galmak, maýa goýumlary, iş we ykdysady ösüş taýdan Britaniýa üçin amatly. Men şonuň üçin jan edýärin” diýdi.

Beýleki tarapdan Fransiýanyň Prezident Fransua Olland bolsa Britaniýanyň Ýewro giňişliginiň syýasatyny weto edip bilmejekdigini aýtdy.

Britaniýa bilen ýaňadandan gepleşikler geçirilmegine hem garşydygyny nygtan Olland “Biz Britaniýanyň ÝB-de galmagyny isleýäris. Emma gazanylan ylalaşygyň meseläni häzirki wagta çenli çözmegine garaşylmaýar” diýdi.



Degişli Habarlar