Somalide uçarlaryň birinde partlama boldy

Wakada 2 adam ýaralandy

426717
Somalide uçarlaryň birinde partlama boldy
Somaliniň paýtagty Mogadişudan Jibuta gitjek DAALLO howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarda uçanyndan gysga wagt soň partlama boldy. Wakada 2 ýolagçy ýeňil ýaralandy.
Ekipažy bilen bilelikde jemi 62 adam bolan uçardakylaryň ählisiniň saglyk ýagdaýlarynyň kanagatlanarlydygy mälim edildi.
Uçanyndan gysga wagt soň emel gelen partlamanyň kuwwady bilen uçaryň aýnalarynyň 2-si döwüldi, uçaryň gabarasynda ýyrtyk emele geldi we kislorod maskalary açyldy.
Uçar wakadan soň Mogadişu howa menziline yzyna gaýdyp gyssagly gondy. Ýeňil ýaralanan 2 ýolagçy hassahanada bejergi astyna alyndy.
Resmiler partlamanyň näme sebäpli bolandygyny derňeýändiklerini, beýanat bermek üçin entek ýeterlik derejede maglumatlarynyň ýokdygyny habar berdiler.


Degişli Habarlar