Russiýada bolan ýangynda 12 adam ýogaldy

Russiýanyň paýtagty Moskwada dokma ussahanasynda bolan ýangynda 12 adam ýogaldy

426050
Russiýada bolan ýangynda 12 adam ýogaldy
Russiýanyň polisiýa gullugy ussahanany biriniň ýakan bolup biljekdigini aýdýarlar.
Giýje başlan ýangyny söndürmek üçin birnäçe sagat gerek boldy.
Hem fabrikada hem-de fabrikanyň golaýynda galan işgärleriň galýan ýeri kül boldy.
Ýangyn söndürilenden soň geçirilen derňewleriň netijesinde 12 adamyň jesedi tapyldy.
Ýogalanlaryň 1-i bäbek, 2-si bolsa çaga. Ýogalanlaryň ählisi bosgun ýa-da olaryň ýakynlary bolandygy mälim edildi.
Polisiýa gullugy ýogalanlaryň ýangyndan ozal öldürilen bolup biljekdigini, ýangynyň hem onuň üstüni ýapmak üçin ýüze çykarylan bolup biljekdigini aýdýarlar.
Ýogalan adamlaryň milletleri we şahsyýetleri barada entek beýanat berilmedi.
Waka bilen baglanşykly derňew we sorag-jogap işi dowam edýär.

Etiketkalar: #Russiýa , #Moskwa , #ýangyn , #bosgun

Degişli Habarlar