Eýranyň Prezidenti Ruhani Ýewropa sapar gurar

Eýrana garşy goýulan sanksiýalaryň aýrylmagyndan soň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Ýewropa sapar gurar

423399
Eýranyň Prezidenti Ruhani Ýewropa sapar gurar

Ruhani Fransiýada we Italiýada saparda bolar.

25-nji ýanwarda Italiýada saparda boljak Hasan Ruhani Italiýanyň Prezidenti Seržio Mattarella bilen duşuşar.

Ruhani 27-nji ýanwarda Ýewropa syýahadynyň 2-nji duragy bolan Fransiýa sapar gurar.

Eýranyň Prezidenti Ruhani ol ýerde Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bilen duşuşar.

Ruhaniniň Ýewropa syýahady Eýrana garşy goýulan sanksiýalaryň aýrylmagyndan soň bolmagy hemmeleriň ünslerini özüne çekýär.

Geçiriljek duşuşyklarda gün tertibiniň esasy meselesi ykdysadyýet bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar