Eýran sanksiýalaryň bes edilmeginden hoşal

Eýranda ähli gazetleriň söz başylary sanksiýalaryň bes edilmegi we günbatar bilen geçirilen ýadro gepleşikleri bilen bagly…

423135
Eýran sanksiýalaryň bes edilmeginden hoşal
iran atırım 1

Uzak ýyllaryň dowamynda sanksiýalar bilen ýaşan Eýranyň halky hem umytly.

Köçelerde höküm sürýän pikir bolsa gepleşik tapgyrynyň diplomatik üstünlik bolandygy dogursynda.
Sanksiýalar ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň gara sanawyndaky 11 adam we gurama üçin bolsa dowam eder.
Eýranyň ballistiki roketa maksatnamasyna goldaw berendikleri sebäpli resmi Waşingtonda şol adamlaryň we firmalaryň banklardaky hasaplaşyk hasaplaryny saklady, Amerikada iş alyp barmagyny gadagan etdi.
Beýleki tarapdan resmi Waşington bilen Tähranyň arasynda gazanylan tussaglaryň çalşylmagy baradaky ylalaşyk netijesinde boşadylan üç amerikaly Germaniýa alynyp gidildi.
Şweýsariýanyň Howa güýçlerine degişli uçar bilen Tährandan alynan we Eýranda 18 aý tussaglykda saklanan “Waşington Post” gazetiniň Tährandaky habarçysy bilen birlikde üç adam Germaniýadaky Amerikan harby bazasyna getirildi.


Etiketkalar: #Eýran , #ABŞ , #sanksiýa

Degişli Habarlar