Poroşenko: "Krymy yzyna almak üçin ähli ýollary ulanarys"
Poroşenko käbir telewideniýelere beren interwýusynda Russiýa tarapyndan basylyp alynan Krym bilen baglanşykly beýanat berdi
Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Pýotr Poroşenko ozaldan ýurdyna degişli bolan Krymy yzyna almak üçin ähli halkara mehanizmlary, syýasy we diplomatik ýollary ulanjakdygyny nygtady.
Poroşenko käbir telewideniýelere beren interwýusynda Russiýanyň basyp alan Krym bilen baglanşykly beýanat berdi.
Poroşenko beren beýanatynda: “Krym meniň üçin Ukrainanyň bir bölegidir. Krymlylar bolsa ukrainalydyr. Biz häzirki wagtda Krymda basyş altynda bolan Krym tatar halkynyň hukuklaryny goramak üçin elimizden gelenini etmelidiris. Krymy yzyna almak üçin düzülen strategiýanyň çäginde halkara hukugy ulanyp, kazyýetleriň kömegi bilen syýasy we diplomatik ýollar arkaly elimden gelenini ederin. Bundan başga çäre ýok.”
Ukrainada 2014-nji ýylda Günbatar ýurtlaryň tarapdarlary bilen Russiýanyň tarapdarlarynyň arasynda bolan dartgynlykdan soň ýurduň Döwlet ýolbaşçysy Wiktor Ýanukowiç häkimetden çekilipdi. Şol hadysanyň edil yz ýanyndan Ukrainanyň gündogarynda we Krymda Russiýanyň tarapdarlary bolan seperatist toparlaryň aýralykçy hereketleri başlapdy. Krymdaky rus esgerler 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýarymadanyň gözegçiligini ele geçirdi we 16-njy martda geçirilen referendum bilen Krymyň Russiýa birleşdirilendigi yglan edildi. Russiýanyň hökümeti 21-nji martda Krymy Russiýa birleşdirýän ylalaşyga gol çekdi we basybalyjylykly etap şeýlelik bilen tamam boldy. Halkara jemgyýet Krymy Ukrainanyň bir bölegi hökmünde kabul edýär.
Degişli Habarlar
Liwanda Ýogalanlaryň Sany 558 Adama Ýetdi
Liwanyň Bilim ministrligi, ýurtda mekdeplarde okuwa arakesme berlendigini habar berdi
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.