Owganystanda minanyň ýarylmagy sebäpli 3 çaga ýogaldy

Wakada ikisi gyz 15 çaga hem ýaralandy

396893
Owganystanda minanyň ýarylmagy sebäpli 3 çaga ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Baglan welaýatynda içerki söweşden galan minanyň ýarylmagy sebäpli 3 çaga ýogaldy.
Wakada ikisi gyz 15 çaga hem ýaralandy.
Ýaralanan çagalaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.
BMG sowet gyzyl goşunynyň 1989-njy ýylda Owganystandan çekilmeginden soň ýurtda galan partlaýjy maddalaryň ýygy-ýygydan halkyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolýandygy barada duýduryş berýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar