ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri geljek hepde Kipre sapar gurar

Kerri Kipriň türk we grek böleginiň liderleri bilen gepleşik geçirer

368617
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerri geljek hepde Kipre sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen beýanatda Kerriniň Fransiýa, Belgiýa, Kosowa, Serbiýa, Kipre we Gresiýa sapar gurajakdygy nygtaldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen 30-njy noýabrda Parižde geçiriljek klimat çalşygy konferensiýasyna gatnaşjak Kerri, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Brýussele barar.
Jon Kerri Kosowada bolsa ABŞ bilen Kosowanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşar.
Kerri Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Serbiýa barar.
3-nji dekabrda Kipre barjak Kerri ada-daky meseläniň çözülmegi üçin BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Kipriň türk we grek böleginiň liderleri bilen gepleşik geçirer.
Kerri Gresiýaly ýolbaşçylar bilen bolsa bosgun meselesi we ykdysady reformalar hakynda pikir alyşar

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar