Malide ýogalanlaryň arasynda daşary ýurtly 13 adam bar

Malide ýaragly topar 20-njy noýabrda myhmanhanasyna hüjüm gurap 170 adamy zamun alypdy

420505
Malide ýogalanlaryň arasynda daşary ýurtly 13 adam bar

Malide myhmanhana guralan hüjümde ýogalanlaryň arasynda daşary ýurtly 13 adam bar.
Ýogalanlaryň arasynda Maliniň raýatlary bilen birlikde Russiýanyň, Hytaýyň, Belgiýanyň, ABŞ-nyň we Senegalyň raýatlarynyň bardygy anyklandy.
Ýogalanlaryň arasynda daşary ýurtly 2 ýolbaşçy bilen birlikde Belgiýanyň 2, Russiýanyň 6, Hytaýyň 3, Amerikanyň 1 we Senegalyň hem 1 raýatynyň bardygy nygtaldy.
Malide ýaragly topar 20-njy noýabrda paýtagt Bamakodaky Radisson myhmanhanasyna hüjüm gurap 170 adamy zamun alypdy.
Zamun alynanlardan 130 adam Fransiýanyn we Amerikanyň goldaw bermeginde Maliniň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan guralan operasiýada boşadylypdy.
Zamun alynanlaryň käbiri bolsa terrorçylar tarapyndan boşadylypdy.
Maliniň Prezidenti İbragim Bubakar Keita zamun alynşykda 21 adamyň ýogalandygyny aýdypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar