"Halk pitnesinden" Ysraýyl jogapkär

Abbas “Halk pitnesiniň sebäbi basyp alyşlyk, basyş, zulum we esgerleriniň halkymyza garşy hüjümleridir” diýdi

366830
"Halk pitnesinden" Ysraýyl jogapkär

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Palestinada ýaşaýanlaryň “halk pitnesinden” Ysraýylyň jogapkärdigini öňe sürdi.
Ramallah şäherindäki medeniýet köşgünde geçirlen dabarada çykyş eden Abbas “Halk pitnesiniň sebäbi basyp alyşlyk, basyş, zulum we esgerleriniň halkymyza garşy hüjümleridir” diýdi.
Halkyň kimdir biriniň çagyryşyna görä däl, eýsem başdan geçirýän agyr günleri sebäpli pitne turuzandygyny aýdan Abbas “biz parahatçylyk isleýäris, emma Ysraýyl bolsa halkymyza garşy hakyky gülleler bilen hüjüm edýär”diýdi.
Ysraýyly baglaşylan şertnama laýyk hereket etmäge çagyran Abbas, paýtagty Gündogar İerusalym bolan Palestina döwleti gurulmazdan parahatçylygyň bolup bilmejekdigini ýene-de bir gezek gaýtalady.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar