Mahmud Abbas resmi sapar bilen Müsüre bardy

Iki lider Ysraýylyň palestinadaky düzgün bozmalary meselesi hakynda pikir alyşdy

413670
Mahmud Abbas resmi sapar bilen Müsüre bardy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas resmi sapar bilen Müsüre bardy.
Abbas saparynyň çäginde Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen duşuşdy.
Iki lider duşuşykda Ysraýylyň palestinadaky düzgün bozmalary meselesi hakynda pikir alyşdy.
Abbas bilen Sisiniň basyp alyşlyk astyndaky ýerlerde dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolýan hereketler, ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygynyň bes edilmegi, Palestinanyň halkynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamagy üçin amatly şertiň döredilmegi, Palestinanyň halkynyň gündelik durmuşynyň kadaly ýagdaýa getirilmegi üçin görüljek çäreler meselesinde şol bir garaýşa eýedigi nygtaldy.
Duşuşykda Müsür bilen Gazanyň arasyndaky Refah gümrük geçelgesiniň hemişelik açylmagy barada hem pikir alyşdy.
Sisi “Palestinanyň Günbatar Şeriadaky hökümetiniň öz işini Gazadan dowam etdirmegi we gümrük geçelgesiniň gözegçiligini öz üstüne almagy Refah gümrük geçelgesiniň hemişelik açylmagy taýdan diýseň möhüm” diýip belledi.
Ysraýyl tarapyndan gabaw astynda saklanýan Gazada Hamasyň hökümetiň jogapkärçiligini öz üstüne almagyndan soň 2007-nji ýylda Müsür-Gaza serhedindäki Refah gümrük geçelgesi ýapylypdy.
Palestinanyň ulanýan tunelleriniň esasy bölegi hem Müsüriň hökümeti tarapyndan ýykylypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar