Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 3 palestinalyny öldürdi

Ysraýylyň harby uçarlary bolsa Gazada howa hüjümi gurady

359096
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 3 palestinalyny öldürdi

Ysraýylly esgerler 2 palestinalynyň özlerine garşy pyçak bilen hüjüm guramak isländigini we şol sebäpli öldürendiklerini aýdýarlar.
Halil şäherinde öldürilen 17 ýaşly palestinalynyň bolsa näme sebäpli öldürilendigi barada bolsa beýanat berilmedi.
Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň günortasynda iki ýere hüjüm gurady.
Ysraýylyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen baýanatda: “Gazanyň günortasynda Hamasa degişli iki merkeze harby uçarlar tarapyndan hüjüm guraldy” diýilýär.
Beýanatda howa hüjüminiň agşam Gazadan Ysraýylyň günortasyna boş ýere atylan roketa garşy guralandygy aýdylýar
Beýanatda mundan başgada ýanwar aýyndan bäri Gazadan Ysraýyla 18 gezek roketa bilen hüjüm guralandygy nygtalýar.
Ysraýylyň Ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Peter Lerner hem mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda hüjümlere garşylyk görkezmäge dowam etjekdiklerini we bulara goldaw berýänleriň hem temmisiniň beriljekdigini aýtdy.
Ysraýylyň Ýaragly güýçleri öz ýurduna garşy roketa bilen hüjüm guraldy diýip Gazada 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda başladan we 51 gün dowam eden hüjümlerde 2 müň 159 adam palestinaly ýogaldy, 11 müňden gowrak adam ýaralandy. Hüjümde 17 müň 200 öý, 71 metjit we 24 mekdep dolulygyna ýumruldy we müňlerçe bina zeper ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar