Sinirliogly Kerri we Al-Jubeýr bilen duşuşdy

Gepleşikleriň dowamynda Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin alynjak çäreler ara alynyp maslahatlaşylar

357835
Sinirliogly Kerri we Al-Jubeýr bilen duşuşdy

Resmi sapar bilen Awstriýanyň paýtagty Wena giden Türkiýäniň Daşary işler ministri Sinirliogly ol ýerde ABŞ-nyň Daşary işler ministri Jon Kerri we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Al-Jubeýr bilen duşuşdy.

Üç ministr şu gün geçiriljek Siriýa meselesi boýunça gepleşiklerden ozal üçtaraplaýyn maslahat geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin alynjak çäreler ara alynyp maslahatlaşylar.

Türkiýäniň, ABŞ-nyň we Saud arabsytanynyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahata Russiýanyň Daşary işler ministri Sergaý Lawrowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar