Hytaý we Eýran harby taýdan hyzmatdaşlyk eder

Baglaşylan ylalaşyga görä iki ýurt bilim, tehnika, maglumat, kiber we terrorçylykly hüjümler meselesinde özara hyzmatdaşlyk eder

393271
Hytaý we Eýran harby taýdan hyzmatdaşlyk eder

Hytaýyň Ýaragly güýçleriniň wekili Wise-admiral Sun Kian Geonyň ýalbaşçylygyndaky wekiliýet Eýranyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen Tähranda harby taýdan hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyga gol çekişdiler.

Ylalaşyga görä iki ýurt bilim, tehnika, maglumat, kiber we terrorçylykly hüjümler meselesinde özara hyzmatdaşlyk eder.

Hytaýly wise-admiral Sun Kian mundan başgada Eýranyň Ýaragly güýçleriniň başlygy Firuz Abadi bilen duşuşyk geçirdi.

Hasan Firuz Abadi duşuşykda Amerikan hökümetini ýurdunyň we Hytaýyň bilelikdäki duşmany diýip häsýetlendirdi.

Abadi ABŞ-nyň harby taýdan abraýynyň we güýjiniň gaçandygyny nygtap, şol sebäpli prowokasiýalara we terrorçylyga ýüz tutandygyny belledi.

Hytaý Eýranyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolmak bilen çäklenmän, ol şeýle hem iň köp nebit alýan ýurtdyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar