Boko Haram sebäpli müňlerçe çaga başga ýerlere göçdi

Boko Haramyň guraýan hüjümleri soňky aýlarda örän artdy

351506
Boko Haram sebäpli müňlerçe çaga başga ýerlere göçdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Çagalar Gaznasy (UNICEF) Afrika ýurtlarynda terror guramasy DAEŞ-e bagly BOKO Harama guramasyna agza terrorçylaryň hüjümlerinden gaçan çagalaryň 1,4 milliona ýetendigini mälim etdi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) metbugat geňeşçisi Kristof Boulierak Ženewada metbugat işgärleri bilen geçirilen ýygnakda Boko Haramyň Afrikada guraýan hüjümleriniň soňky aýlarda örän artandygyny nygtady.
Metbigat geňeşçisi Kristof Boulierak Nigeriýanyň demirgazygynda 1 million 200 müň çaganyň başga ýerlere göçendigini we başga ýerlere göçen çagalaryň ýarysynyň 5 ýaşdan kiçidigini habar berdi.
Nigeriýa goňşy bolan ýurtlaryň hem Boko Haramyň hüjümlerine sezewar bolandygyny bellän Boulierak Kamerunda, Çatda we Nigerde 265 müň çaganyň terrorçylaryň hüjümlerinden gaçyp başga ýerlere göçendigine ünsi çekdi.
Kristof Boulierak Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) sebitdäki çagalara gerek bolan goldawlary alyp bilmeýändigini nygtap şu ýyl öňünden kesgitlenen 50,3 million dollarlyk gaznanyň 70 göteriminiň entek berilmändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar