Gresiýadan howa giňişligini açmagy islendi

Gresiýa meseläni ara alyp maslahatlaşar

343504
Gresiýadan howa giňişligini açmagy islendi

ABŞ NATO agza Gresiýadan howa giňişligini Siriýa ýük daşaýan rus uçarlaryna açmagyny isledi.
Gresiýanyň Daşary işler ministrligi meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny belledi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni rus ýaragly güýçleriniň DAEŞ-e garşy göreşe goşant goşmak üçin Siriýa ornaşdyrylmagyna oňyn garap biljekdiklerini nygtady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri hem hepdäniň ahyrynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa telefon edip Russiýanyň Siriýadaky esgerleriniň sanynyň köpelmegine alada bildirýändigini aýdypdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar