ABŞ-nyň Ýaponiýadaky harby ammarynda partlama boldy

Tokio şäherine 40 kilometr alysda ýerleşýän Sagamihara harby bazasyndaky partlamanyň sebäbi barada beýanat berilmedi

339828
ABŞ-nyň Ýaponiýadaky harby ammarynda partlama boldy

Harby bazadaky ammarda nebit-himiýa önümleriniň we ammoniniň bardygy çaklanylýar.
Emma ýanan maddanyň nämedigi entek anyklanmady.
Ýangynyn başga binalara tutaşmazlygy üçin tagalla edilýär.
Şaýatlar 15 minudyň dowamynda ammarda yzly-yzyna partlamalaryň bolandygyny aýdýar.
Amerikaly ýolbaşçylar gündiz wagty 200 adamyň işleýän ammarynda gije hiç kimin galmandygyny habar berdi.
Şol sebäpli ýangynda we partlamada adam pidasy çekilmedi.
Partlamanyň sebäbi öwrenilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar