DAEŞ-iň 2-nji adamy öldürildi
DAEŞ-iň ikinji adamy hökmünde bilinýän Fadyl Ahmed Al Haýali öldürildi
Terror guramasy DAEŞ-iň ikinji adamy “Hajy Mutaz” hökmünde bilinýän Fadyl Ahmed Al Haýali öldürildi.
Ak Tamyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň metbugat geňeşçisi Ned Praýs mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda Haýaliniň 18-nji awgustda Yragyň Mosul şäheriniň golaýynda öldürlendigini aýtdy.
Beýanatda Haýaliniň ýanynda DAEŞ-iň metbugatdan jogapkar ýolbaşçysy Abu Abdullahyň hem bardygy nygtaldy.
Beýanatda uly ýaraglaryň, partlaýjy maddalaryň, ulaglaryň we guramanyň agzalarynyň Yrakda we Siriýada ýerleriniň üýtgedilmeginden jogapkär Haýaliniň öldürilmeginiň terror guramasyna uly zarba urup biljekdigi bellendi.
Degişli Habarlar
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Putin 10-njy Primakow okaýyşlary boýunça halkara foruma gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy
Ali Hamaneý Saýlawçylara Prezident Saýlawynda Ses Bermekleri Üçin Çagyryş Etdi
Ali Hamaneý 3 gün soň geçiriljek prezident saýlawy hakynda beýannama berdi.