ABŞ-da polis ýene-de bir negr raýaty atyp öldürdi

Amerikanyň Missuri ştatynyň Sankt Luis şäherinde polis işgäri negr raýaty atyp öldürdi

335136
ABŞ-da polis ýene-de bir negr raýaty atyp öldürdi

Wakanyň polis işgärleriniň öýleriň birinde gözegçilik etmek islän wagty bolandygy mälim edildi.

Polisler gözegçilik edilen öýüň arka tarapynda 2 ýaş oglanyň gaşjak bolandygy we ýaş oglanlaryň biriniň özlerine ýarag çenändigi aýdylýar.

Polisleriň hem 4 gezek atyp garşylyk görkezendikleri we 1 adamy öldürendikleri bellenýär.

Polis işgärleriniň beýanat bermegine garamazdan ýüzlerçe adam wakanyň bolan ýeriniň golaýynda ýygnanyp, wakany protest etdiler.

Polisler bolsa öz gezeginde demonstrantlaryň käbirlerini tussag etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar