Müsürde döwlet işgärleri protest edýärler

Müsürde ýurduň salgyt we gümrük pudaklarynda işleýän adamlar protest ýöriş guradylar

323014
Müsürde döwlet işgärleri protest edýärler

Ýurduň salgyt we gümrük pudaklarynda işleýän 2 müňe golaý adam paýtagt Kairde hökümet tarapyndan kabul edilen kanuny protest etmek üçin köçelere çykdy.

Adamlar kabul edilen kanunyň adalatsyz we konstitutsiýa deň gelmeýändigini aýdýarlar.

Hökümet tarapyndan şu ýylyň mart aýynda kabul edilen kanuna görä garyşyk aýlyk ulgamynyň we işgärleriň wezipelerindäki ösdürmek usularynyň düzeldilmegi maksat edinilýärdi.

Demonstrantlar ýurduň Maliýe we planlama ministrliginiň wezipesinden çekilmegini isleýärler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar