Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Bu barasynda Ak Tamdan beýanat berildi

346883
Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Beýanatda Barak Obamanyň hem Suruç etrabynda hem-de Jeýlanpynary etrabynda guralan hüjümleri ýazgarandygy nygtalýar. Döwlet sekretarlygy bolsa Jeýlanpyna etrabyndaky waka barada “biynjalyk ediji” frazasyny ulandy.
Ak Tamdan berilen beýanatda Obamanyň we Erdoganyň iki ýurdun arasynda DAEŞ-e garşy göreşde dowam edýän hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde, Yrakda howpsyzlygy we durnuklylygy ornaşdyrmak, Siriýadaky çaknyşyklara syýasy çözgüt tapmak ugrundaky bilelikdäki tagallalary seljerendigi bellenilýär.
Ak Tamdan berilen beýanatda iki lideriň Amerikanyň we Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşde utgaşyklydygynyň nygtalandygy mälim edilýär.
Barak Obamanyň we R.T.Erdoganyň “daşary ýurtly söweşijileriň geçişiniň öňüni almak we Türkiýäniň Siriýa serhedinde howpsyzlygy üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” barada pikir alyşandyklary bellenildi.
Beýanatda iki lideriň beýleki sebitleýin meselelerde-de ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryna üns çekilýär.
Obama telefon söhbetdeşliginde hem Suruç hem-de Jeýlanpynary etraplaryndaky hüjümde gurban bolanlaryň hossarlaryna amerikan halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirdi.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy bolsa Jeýlanpynary etrabynda iki polisiň şehit edilmegi barada “iňňän biynjalyk ediji” frazasyny ulandy.
Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi “Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşymyz, uly goldaw berýän we hyzmatdaşlyk edýän ýurt” diýdi.
Türkiýäniň elmydama hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň ýollaryny gözleýändigini nygtarn Kirbi, wakanyň DAEŞ-iň eme getirýän howpy taýdan iňňän gynandyryjydygyny belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar