Karter Ysraýylda saparda boldy

“Ysraýyla goldaw bermäge dowam ederis we hyzmatdaşlygymyz hemişekisinden has güýçli”

383521
Karter Ysraýylda saparda boldy

Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyna alada bildirýän Ysraýylda saparda bolan ABŞ-nyň Goranmak ministri Eştyn Karter Premýer ministr Binýamin Netanýahu bilen duşuşdy.
Duşuşyk barada hiç hili beýanatyň berilmezligi “duşuşyk netijeli geçmedi” hökmünde analiz edildi.
Saparynyň çäginde Ysraýylyň Goranmak ministri Moşe Ýalyn bilen duşuşan Karter “Ysraýyla goldaw bermäge dowam ederis we hyzmatdaşlygymyz hemişekisinden has güýçli” diýip beýanat beripdi.
Ysraýylyň Goranmak ministri bolsa Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyna garşydyklaryny we ylalaşyga alada bildirýändiklerini aýdypdy.
Ysraýyla guran saparyny tamamlan Karter İordaniýa bardy.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Karteriň Saud Arabystanyna hem barmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar