ABŞ-da harby merkezlere hüjüm guraldy

Amerikanyň Tennessi ştatynda iki harby merkeze guralan hüjümde 4 esger ýogaldy, 3 esger bolsa ýaralandy

381452
ABŞ-da harby merkezlere hüjüm guraldy

Ýolbaşçylar 24 ýaşly Muhammed Ýusuf Abdülaziz atly hüjümçiniň ulagyndan düşmän harby merkeze hüjüm gurandygy, merkezdäki işleýänleriň binanyň arka tarapyna gaçmagy bilen ýogalanlaryň sanynyň köp bolmagynyň öňi alynandygy habar berildi.
Hüjümçi mundan soň Harby flotyň ätiýaç merkezine gidip ol ýerdäki esgerlere hüjüm gurap 4 esgeri öldürdi.
Hüjümçi hüjümi guran ýerinde öldürildi.
Waka bilen baglanşykly derňew işi geçirilmäge başlandy.
Ýolbaşçylar guralan hüjümi “Içerki terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsýetlendirdi.
Resmiler şeýle hem hüjümçiniň ýeke özüniň hereket edendigini, şol sebitde ýaşaýandygyny we uly möçberde zeper ýetirmek isländigini kesgitländiklerini nygtadylar.
Wakadan soň beýanat beren ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama: “Örän gynandyryjy waka. Hüjüm bilen baglanşykly giň möçberli derňew işi geçiriler” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar