Ýadro gepleşikleri dowam edýär

Eýran bilen BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň we Germaniýanyň wekilleriniň arasyndaky ýadro gepleşikleri aldym-berdimli dowam edýär

337321
Ýadro gepleşikleri dowam edýär

Eýran tarapy ylalaşyk tekstiniň ýazylyp gutarylandygyny nygtaýan bolsa resmi Waşingtondan berilen beýanatda “ähli taraplaýyn möhüm öňe gidişlik etdik, emma stoluň üstünde duran meseleler diýseň tehniki we ýokary derejeli meseleler” diýilýär.
Eýran bilen bilelikde stoluň başyndaky esasy oýunçylardan biri bolan ABŞ-dan berilen soňky beýanatlar bolsa umytlandyryjy.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaş Ernest “ylalaşyk hemişekiden has ýakyn” diýdi, emma entegem taraplaryň arasynda düýpli tapawutlyklaryň görülýändigine ünsi çekdi.
Döwlet sekretarlygy bolsa stoluň üstünde duran meseleleriň “ähli ýurtlary gyzyklandyrýan möhüm tehniki we ýokary derejeli meselerdigini” nygtady.
Resmi Tährandan berilen beýanat hem umyt yşynyň görülendigi dogursynda.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Arakçi ylalaşyk tekstiniň ýazylyp gutarylandygyny beýan etdi.
Düşnüşmezikleriň 2-3 ugurdan ybaratdygyna ünsi çeken Arakçi “biz Wenada iş tamamlanýança galmaga taýar” diýip, çözgüdiň tarapynda durýandyklaryny duýdurdy.
Fransiýanyň Daşary işler ministri Loran Fabius bolsa gepleşiklerdäki esasy düşnüşmezligi “ýadro barlaglarynyň we kämilleşdiriş işleriniň çäklendirilmegi, sanksiýalar we gözegçilik” hökmünde beýan etdi.
ABŞ-nyň we Eýranyň wekilleri Wenada galdy, Russiýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň wekilleri çarşenbe agşamyna çenli Awstriýadan gaýtdylar.
Taraplaryň gepleşikleriň möhletini 7-nji iýuldan 10-njy iýula çenli uzaltdy.
Taraplar 11 günden bäri dowam edýän aldym-berdimli gepleşiklerde Eýranyň atom bombasyny öndürmeginiň öňüni aljak we sanksiýalary aýyrjak ylalaşygyň üstünde işleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar