Ruhani metbugat ýygnagyny geçirdi

Hasan Ruhani: “Hiç kime ýurdumyzyň harby syrlaryny öwrenmäge ýol bermeris” diýdi

303786
Ruhani metbugat ýygnagyny geçirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani hiç bir adama goşmaça protokol ýa-da halkara derňew bahanasy bilen ýurdunyň harby syrlaryny öwrenmäge ýol bermejekdigini nygtady.
11-nji hökümetiň saýlawlary gazanmagynyň 2-nji ýyllygy mynasybetli geçirilen metbugat ýygnagyna 250-ä golaý metbugat işgäri gatnaşdy.
Ruhani Eýran bilen BMG-nyň hemişelik 5 agzasyndan we Germaniýadan ybarat bolan P5+1 toparynyň mundan 2 ýyl ozal Eýranyň uran baýlaşdyrma hukugyny kabul etmändigini, şu gün bolsa Eýranyň ol hukuga eýedigini nygtady.
Ruhani ýurduna garşy ulanylýan ykdysady sanksiýalaryň maksadyna ýetmesede täsirlidigini belledi.
Sanksiýalaryň ylalaşyk bilen bilelikde ortadan aýrylmagyny isleýändigini nygtan Ruhani şol meseläniň çözüljegine ynamynyň bardygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar