Braziliýaly halk deputatlary Palestinada…

Ysraýylyň hökümetiniň alyp barýan syýasatlary sebäpli bökdelen syýasy etap seljerildi

293629
Braziliýaly halk deputatlary Palestinada…

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Braziliýanyň Mejlisiniň başlygy Eduardo Cunha we Braziliýanyň Mejlisinde wekilçilik edýän ähli partiýalardan halk deputatlarynyň gatnaşmagyndaky topary kabul etdi.
Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä kabul edilşikde Abbas bilen Cunha halkara kararlaryna laýyk hereket etmeýän Ysraýylyň hökümetiniň alyp barýan syýasatlary sebäpli bökdelen syýasy etap barada pikir alyşdy.
Abbas topara “Palestina tarapy iki döwletli çözgüde esaslanýan, paýtagty İerusalym bolan we 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny göz öňünde tutýan parahatçylyk gepleşikleriniň netijeli bolmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirdi. Emma Ysraýylyň ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny dowam etdirmegi, iki döwletli çözgüt ýörelgesini kabul etmezligi sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň syýasy etaby başlatmak üçin eden tagallalary puja çykýar” diýdi.
Mahmud Abbas Braziliýanyň Palestinanyň halkyna berýän goldawy sebäpli minnetdarlygyny bildirdi we iki taraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny isleýändiklerini aýtdy.
Braziliýanyň Mejlisiniň başlygy Cunha bolsa Braziliýanyň parlamentiniň parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw bermäge taýardygyny ýatlatdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar