Ysraýyl Gaza hüjüm gurady

Hüjüm sebäpli birnäçe ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi

Ysraýyl Gaza hüjüm gurady

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri Gazadan Ysraýylyň günortasyna roketa atylandygyny beýan etdi.
Ysraýylyň uçarlary mundan soň Gaza howa hüjümini gurady.
Ysraýylyň hökümeti Gazadan atylan iki roketanyň Ysraýylyň günortasyny nyşana alanadygyny mälim etdi.
Roketalaryň atylmagyndan soň Aşkelonda we Netowotda sirenanyň sesleri ýaňlandy.
Ýolbaçylar hiç bir ýere zeper ýetmändigini habar berdi.
Birnäçe sagat soň Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň günbataryndaky Haýýale we Han Ýunus şäherlerine Kassam Tugaýlaryna degişli ýerlere howa hüjümini gurady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar