Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 2-i çaga 43 adam ýogaldy

2014-nji ýylyň başyndan bäri guraýan hüjümlerinde 7300-den gowrak adam ýogaldy

291455
Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 2-i çaga 43 adam ýogaldy

Nigerýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Borno welaýatynyň käbir obalarynda Boko Harama agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2-i çaga 43 adam ýogaldy.
Nigerýanyň ýaragly güýçleri geçen aý Nigerli we Çadly esgerleriň goldaw bermeginde Adamawa, Borno we Ýobe welaýatlarynda Boko Haramyň gözegçiligi astyndaky ýerleri yzyna alypdy
Hüjümlerde terror guramasy Boko Haram tarapyndan ýesirlikde saklanýan 1000 adam hem boşadylypdy.
Obanyň ýaşaýjylary hem hüjüme goldaw beripdi.
Boko Haramyň obanyň ýaşaýjylaryndan ar almak üçin oba hüjüm edendigi öňe sürülýär.
BMG-na görä, Nigerýada Boko Haramyň 2014-nji ýylyň başyndan bäri guraýan hüjümlerinde 7300-den gowrak adam ýogaldy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar