ABŞ-da otly heläkçiliginde 5 adam ýogaldy

10 wagonyň relýesden çykmagy sebäpli ýolagçylar wagonlaryň arasynda gysyldy

272844
ABŞ-da otly heläkçiliginde 5 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda bolan otly heläkçiliginde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 50 adam hem ýaralandy.
Paýtagt Waşingtondan Nýu Ýork şäherine barýan otlyda 240 ýolagçy bilen 5 maşinist bardy.
10 wagonyň relýesden çykmagy sebäpli ýolagçylar wagonlaryň arasynda gysyldy.
Otly heläkçiliginde ýaralananlar hassahanalarda bejeriş astyna alyndy.
Halas ediş işlerine dik uçarlar hem goldaw berýär.
Heläkçilik barada derňew işi gozgaldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar